milli goshun logo
Ýaşlaryň baýramy
Ýaşlaryň baýramy
16.11.2021 697 Habarlar

Şu gün – 16-njy noýabr ýurdumyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň döredilen güni. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döredilmegine 30 ýyl dolan Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň bu şanly senesi bilen guramanyň agzybir işgärlerini «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň döredijilik toparynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!

Ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy şu geçen 30 ýylyň içinde – Garaşsyzlyk eýýamynda ýaşlary watansöýüjilik, halallyk ruhunda terbiýelemekde olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, kämil düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda köpsanly işleri durmuşa geçirmek bilen, mähriban Diýarymyzyň ajaýyp ösüşlerine, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan adyl syýasatyna mynasyp goşant goşýar. Guramanyň işiniň mysalynda ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetimizdäki ornunyň nä derejede möhümdigine hem-de ähmiýetiniň ýokarydygyna göz ýetirmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ata-babalarymyzyň ündän ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam etdiriji merdana nesillerimizden – Sizden beýik işlere garaşýarys» diýen sözleri gönüden-göni Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi ýaşlary halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň goşulyşmaga, taryhy özgertmelere saldamly goşant goşmaga çagyryşdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlara ähli ugurlarda ýakyndan ýardam bermekde mynasyp asylly işleri bitirýän bu guramanyň agzybir işgärlerini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara jogapkärli işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris!

«Milli goşun».