Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Balkan welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hem-de Balkan
welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki
3-nji we 23-nji orta mekdeplerde «Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi goramak we
howpsuzlygy berjaý etmek» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede mekdep
okuwçylaryna tebigy we tehnogen
häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda özüňi goramagyň usullaryny,
şeýle hem ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň
düzgünleriniň berjaý edilişiniň endikleri giňişleýin düşündirildi.
Şeýle hem wagyz-nesihat çäresiniň
dowamynda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda halas ediş işleriniň geçirilişi
bilen baglanyşykly wideoýazgylara tomaşa edildi.
«Raýat goranyşy».