Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary bu günki dabaraly harby ýörişde özleriniň ýaş watançy nesillerdigini subut etdiler. Olaryň sazlaşykly we ynamly gadamynda ata Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepalylyk, kasama ygrarlylyk duýuldy.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli harby mekdebiň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegine harby okuwçylaryň çäksiz buýsanjy baýramçylyk şatlygy hem-de watançylygy bilen belende göterildi. Olaryň ata Watanymyzy jandan söýüp, geljekde gaýratly Watan ogullary bolup ýetişjekdikleri dabaraly harby ýörişde görkezen dogumyndan, gaýratyndan, merdanalyk mekdebinden aýdyň göründi.
Harby okuwçylaryň dabaraly harby ýörişden geçýän pursatlaryny «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!