Ýakynda Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri
müdirliginiň guramagynda Aşgabat
şäheriniň umumy bilim edaralarynyň «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» dersini okadýan
mugallymlary bilen «Raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy
ýokarlandyrmak» atly okuw ýygyny geçirildi. Bu okuw ýygynyna Türkmenistanyň
Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleri
gatnaşdylar.
Okuw ýygynyň dowamynda orta mekdeplerde mekdep
okuwçylarynyň raýat goranyşa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny
ýokarlandyrmakda ýaşaýyş durmuş esaslary dersinde geçilýän okuw sapaklarynyň netijeliligini we hiliniň
ýokarlandyrylmagy, olaryň adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň we tebigy
betbagtçylyklardan goranmagyň endiklerini we ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmek
boýunça çykyş edildi. Tebigy betbagtçylyklardan goranmak boýunça okuw
sapaklary mekdep okuwçylary üçin uly ähmiýete eýedir. Çünki biziň döwletimizde iň gymmatly hazyna adamdyr.
Hazynanyň iň göwher düri bolsa gelejegimiz bolan ýaşlardyr.