milli goshun logo
DUŞUŞYK-ÝYGNAGY GEÇIRILDI
DUŞUŞYK-ÝYGNAGY GEÇIRILDI
02.03.2023 620 Raýat Goranyşy

Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň tejribeli hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda duşuşyk-ýygnagy geçirildi.

Duşuşyk-ýygnagynyň dowamynda raýat goranyşy çygryndaky Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary, raýat goranyşyň işi, tejribeleri we halas ediş işleri boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Bulardan başga-da, Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri raýat goranyşynyň wezipeleri we ähmiýeti, adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmakda we zyýanly netijelerini peseltmekde geçirilýän meýilnamalaýyn işler bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa döwlet gullukçylarynyň ýolbaşçylyk-dessin işler boýunça ukyplarynyň artmagynda we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.