«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ähli ulgamlarda alnyp
barylýan işler raýatlarymyzyň asuda durmuşda parahat ýaşamaklygyna gönükdirilendir.
Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat raýat
goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň guramagynda Seýitnazar Seýdi
adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Raýat goranyşynyň häzirki
döwürde ähmiýeti we wezipeleri», «Dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda
özüňi alyp barmagyň düzgünleri» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda tebigy
hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda özüňi alyp
barmagyň düzgünleri, raýat goranyşyna taýýarlyk barada nygtaldy.