milli goshun logo
Ýaş estrada aýdymçylarynyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi
Ýaş estrada aýdymçylarynyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi
20.12.2021 1248 Habarlar

18-nji dekabrda paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleriniň Täze ýyl maksatnamasynyň aýdyň wakalarynyň birine öwrülen «Ýylyň parlak ýyldyzy – 2021» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik çäresiniň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy, olara deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler has köp ses berdiler.

Ses bermek tamamlanýar, dabarany alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan edýärler. Ýaş aýdymçy Begençmyrat Çaryýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp bolýar. Ýeňijä «Ýylyň parlak ýyldyzy» göçme Kubogy gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy, olara, degişlilikde, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa we Baýramhan Saparow mynasyp boldular.