Paýtagtymyzda «Ýylyň parlak ýyldyzy» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýaş estrada aýdymçylarynyň bäsleşigi ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegini höweslendirmäge hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösmegine, zehinlileri ýüze çykarmaga we goldamaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşik welaýatlaryň derejesinde saýlama tapgyrlaryny öz içine alýar. Abraýly emin agzalary bäsdeşleriň arasyndan aýdym aýtmak babatda has tapawutlanan aýdymçylary seçip aldy.
Bäsleşigiň bütin dowamynda öňdeligi ynamly eýelemegi başaran ýaş zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna eýe boldy. Diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem, emin agzalary hem sesleriniň köpüsini oňa berdiler.