milli goshun logo
Watanym / Garaja Hajyberdiýew
Watanym / Garaja Hajyberdiýew
11.01.2020 289113 Bäsleşik

Goýnuňda şadyýan iller bagta ýar,

Berkarar döwletli eziz Watanym.

Geljegmiziň ak ýolunda ýagty bar,

Berkarar döwletli eziz Watanym.

Eziz diýar bagtyýarlyk mekany ,

Belentden ýaňlanýar sazyň mukamy,

Oguz han nesliniň synmaz dowamy,

Berkarar döwletli eziz Watanym.

Tug edinip bagtly döwrüň gadamyn,

Adyň dile dessan edip gatanym,

Seň goýnuňda baky bagta ýetenim,

Berkarar döwletli eziz Watanym.

Wysal bolan arzuwlarym jemlenen,

Ak säherleň ak nur bilen nemlenen,

Täsin mukam aýdym bolup ýaňlanan,

Adyň dile dessan edip gatanym,

Näçe waspyň etsem azdyr, Watanym.

Garaja Hajyberdiýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.