25.01.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Watanym / Şeker Huseýinowa
Watanym / Şeker Huseýinowa
14.01.2020 603 Bäsleşik

Tomusyň bir daňy jägildi sesim

Buşlan eken gujagyňa gelenim.

Tebigatyň mähri bilen eýlenip,

Tylla säherleriň – ylham alanym.

Meni seniň bilen işdi tow berip,

Sallançakda çagym diňlän hüwdülem.

Seniň ak danlarňa çakylyk saýdym

Ejemjanyň  ýönekeýje öwdünem.

Iň gowy goşgulam sen hakda.

Çünki,

Owadan günlerim geldi seň bilen,

Mahmal topragyňa baglydyr örküm,

Meni senden alyp bilmez, çem gelen.

Günler dolup, bu jan çyksa gursakdan,

Sowuk ganym eýelese damarym.

Seniň jennet ysly göwsüň gujaklap,

Ýene seniň gujagyňa siňerin.

Şeker Huseýinowa,

Lebap welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.