milli goshun logo
Watançylyk duýgusynyň kemala gelşi / Balkan Amanýazow
Watançylyk duýgusynyň kemala gelşi / Balkan Amanýazow
22.01.2020 1287 Bäsleşik

Türkmen maşgalasynda ogul bäbege aýratyn sarpa goýulýar. Ogul perzendiniň bolmagyna garaşmýan maşgala az-azdyr. Garaşylan gün gelende bolsa bäbejigiň dünýä inen gününden başlap goç ogul, Watan ogly bolmagyny, ile gerekli – il ogly bolmagyny arzuw edýärler. Şeýdibem, erkek oglanjygyň  aňy çagalygyndan Watana gulluk etmegiň parzdygy, Watanyň mukaddesligi, onuň hyzmatynda bolup, ata-eneňi göreldeli gullugyň bilen begendirmelidigi hakyndaky gürrüňler bilen gandyrylýar. Asyrlaryň jümmüşinden parran geçip gelen bu hakykat taryhda hem dünýä ses getiripdir. Muny şu hekaýanyň üsti bilen delillendirmekçi:

Gadym döwürlerde gaýry ýurtdan gelýän agyr kerwen bir türkmen obasynyň üstünden geçmeli bolupdyr. Bag-bakjasy seleňläp oturan bir obanyň gyrasynda eli okly, ýaýly ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk çöküne düşüp, aglap oturan eken. Kerwenbaşy oglanjygyň ýanyna baryp: «Oglum, näme boldy, näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorapdyr. Oglanjyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp oturyşyna, ok atym aralykdaky gara agajy görkezip: «Men nyşanany urup bilmedim, şonuň üçin namys edip otyryn, özüme gaharym gelýär» diýip, jogap beripdir. «Heý-de onuň üçinem gözýaş dökerlermi. Sagdagyň okdan doly, ýene birini alyp, atyp goýber» diýip, kerwenbaşy dillenipdir. Onda oglanjyk: «Ýöne duşman meniň ýene bir okumy alaryma garaşyp durarmy näme?» diýip, kerwenbaşynyň ýüzüne soragly nazaryny dikipdir. Kerwenbaşy bu jogaba haýran galypdyr: «Türkmeniň ýedi ýaşlysy şeýle pikir edýän bolsa, ýaşy ýetip, akly goýalyşanlarda Watan, namys duýgusy has kämil bolmaly» diýip, türkmeniň bu duýgusyna telpek goýupdyr.

Ine, türkmeniň Watançylyk duýgusynyň kemala gelşi barada söz açylanda, mundan aňyrda jümle ýok! Tüýs türkmene mahsus bu häsiýet biziň günlerimize-de arzysyny gaçyrman gelip ýetipdir. Çagakak sähel zada ynjasak ýa-da ejizlesek ene-atalarymyzyň «Oglum, mert bolsana, sen esger bolmaly ahyryn» diýen sözleri şol ýokarda agzalan Watan, namys duýgusynyň kämilleşmeginiň dowamaty bolsa gerek.

Çagalygymyzda Asmany çyzyp barýan uçary görsek, el bulaýlap, begenişerdik. Bu ýagdaý töweregimizdäki ähli çagalarda hem şeýle bolardy. Ýöne ulalanymyzdan soň, uçar görse begenmeýän çagalaryň bardygyna-da göz ýetirdik, ýer ýüzünde.

...Parahat ýurdumyz bar. Ýaş nesilleriň bagtly çagalygy hem öz akymyna gidip dur. Bu şeýle-de bolar. Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda, biz bu Watanyň goragynda sak durarys, janymyzy, ganymyzy, serimizi orta goýarys, gerek bolsa. «Paýhas çeşmesinde» nygtalýan türkmeniň bir sözi bar, «Är ýigit özi üçin dogar, ili üçin öler». Biz Watan goragçylary hut şol zeýilli ýigitlerden...

Balkan Amanýazow,

Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty

boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.