Öňde bir akyldar: «Watana wepaly bolmak, ynsanyň aladasyny edýän Watana bolan sarpadyr» diýipdir. Ýurt Baştutanymyzyň: «Halkymyzyň abadan durmuşda, bolçulykda ýaşamagy meniň iň esasy aladam bolmagynda galýar» diýen sözleri hut şeýle gadymy parasatlylygyň durmuş ykrarnamasydyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasaty ilkinji nobatda halkyň durmuşyny has oňaýly özgertmelere gönükdirmekden başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ilkinji gol çekilen kadalaşdyryjy hukuk namalary halkyň durmuş üpjünçiligi bilen bagly bolandygy munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmen halkynyň «Watana wepalylyk – ahlak päkligiň nusgasydyr» diýen dürdäne pähimi gullukda her bir adamyň sütüni bolup durýar. Çünki ynsanyň päk ahlak älemi Watana wepaly bolmaklygyň ruhy çeşmesidir. Tämiz we arassa ahlakly medeniýeti milletiň Watana wepalylyk duýgusyny emele getiren halatynda, halk öz bähbidini özgeleriň bähbidinden beýige götermän, eýsem öz bähbidi bilen özgeleriň bähbidini sazlaşdyrmaga çalşar. Şu günki günde kämilligiň umumadamzat ýodasyndan beýleki halklar bilen bir hatarda ösüşiň menzilini külterläp bilmek, Watana wepalylygyň iň oňaýly nusgasydyr. Çünki kämillik ösüşiň netijesi däl-de, ilkibaşda kämillik ösüşe barýan ýoldur, ýagny kämillik diňe bir bir ynsan öz borjuny ýerine ýetiren halatynda, jemgyýete oňaýly ýol görkeziji bolup biler. Şu ýerde XV asyrda ýaşap geçen alym Salih Muhammet Nurynyň «Parasatlygyň ýodasy» diýen eserinden bir setirini ýatlalyň. Alym öz kitabynda: «Millet halky, halk döwleti emele getirýär, döwlet bolsa kämilleşip jemgyýeti döredýär» diýip ýazýar. Ussadyň aýdanlaryndan ugur alsak, onda Watana wepalylyk duýgusy milletiňe howandar, halkyňa hemaýatkär bolmak ýaly duýgularyň sazlaşygynyň netijesidir. «Iliňe – ýurduňa wepaly bolmak» diýen atalar sözünde, «il» diýen düşünjäniň ilki gelmegi, diňe bir Watana wepalylyk, halkyňa ikilik etmezlikden başlanýandygyny aňlatman, eýsem her bir ynsanyň il gün mertebesinden ugur alýandygyny aňladýar.
Gündogaryň medeniýetinde «Watana wepaly bolmak – watandaşa sarpa goýmakdan başlanýar» diýen pähim bar. Halkymyzyň edep medeniýetiniň esasy bolup duran hormat-sylagy mertebeli, sapaly, hoşniýetli, päk göwünli gatnaşyklary Watana wepalylyk duýgusynyň wyždan synagçysydyr. Halk içinde şeýle bir rowaýat bar: «Bir gezek paýhasly dananyň ýanyna gelen ýaş şägirdiň biri: «Adam nädip öz-özüne hormat goýmaklygy başarmaly?» diýip beren soragyna, dana: «Ilki bilen başga birine hormat, sylag goýmaklygy başarmakdan başlamaly» diýip, gysgaça jogap beripdir. Türkmen halkynyň: «Sylaýan sylanylýandyr» diýen pähimi hem şu hakda bolsa gerek. Öz iline, topragyna diňe paýhasly we pähimli wepaly bolmak bilen, ynsan başga millete we döwlete sarpa goýup biler. Sebäbi wepalylyk duýgusy adamyň ahlak dünýäsi bilen baglanyşyklydyr. Parasatly danalar: «Guşy Asmana göterýän iki ganatyň bolşy ýaly, milli mirasa hormat goýmak we umumadamzat baýlyklaryna gadyrly bolmak, adamy ynsan mertebesiniň älemine eltýändir» diýipdirler. Türkmenistan diýarymyzda däbe öwrülen yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlar, duşuşyklar, festiwallar hem-de sergiler halkyň öz maddy we ruhy baýlyklar buýsanjynda, umumadamzat gymmatlyklaryna sarpa we hormat goýmaklygynda öwezini dolup bolmajak ynsanperwerlik çäreleridir.
Ogulmaral Sapargeldiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň
Ahal welaýaty boýunça
müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.