milli goshun logo
Watana borjum / Leýli Täjibaýewa
Watana borjum / Leýli Täjibaýewa
20.01.2020 1582 Bäsleşik

Watany goramak borjumdyr meniň,

Damarymdan gyrmyz ganym akýarka.

Hemem tutulýança iň soňky demim,

Alnymda ak Günüm dogup batýarka.

Watany goramak borjumdyr meniň,

Kasam edýän şu şatlykly gününde.

Watan goragçylaň, serkerdeleriň –

Baş Kanunym – Konstitusiýaň öňünde!

Heniz asudalyk höküm sürýärkä,

Belentden parladyp adalat Tugun,

Watany goramak borjumdyr meniň,

Öňde goýup raýatlaryň hukugyn.

«Döwlet adam üçin!» şygary bilen

Gördük döwlet guşuň gonanny başa.

Ykballar özgerden Diýary beren,

Şöhrat bolsun – Belent Serkerdebaşa!

Leýli Täjibaýewa,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.