milli goshun logo
Watan / Ýakup Kasymow
Watan / Ýakup Kasymow
20.01.2020 1424 Bäsleşik

Oguz atam salyp çökmez binýadyň,

Miras goýup mekanyny gaýratyň,

Şol mirasa eýe çykyp zürýadyň,

Başyn goýup, dökdi niçe gan, Watan!

Bolsun diýip döwrüň abadan, Watan!

Togrul beg, Çagry beg – begleriň merdi,

Alp Arslan adyňy äleme gerdi,

Dünýäniň ýoluny öňüňde serdi,

Seniň üçin niçe mertler, jan Watan!

Seniň üçin serden geçjek kän, Watan!

Soltan Jelaleddin – ýekelik gurdy,

Ölinçä mangola zarbalar urdy,

Öçen hyýallary ýagtyldyp durdy,

Bolar ýaly hemme umytgär, Watan!

Şol mertlerden galdyň ýadygär, Watan!

Mert ogullaň kändir ýene sanaňda,

Elmydam çetindiň duşman daranda,

Erkin halkyň şat ýaşaýar ýaýlaňda,

Keramatly Allam bolsun ýar, Watan!

Türkmen iliň bu gün bagtyýar, Watan!

Äleme ýaň salyp bu gün seň adyň,

Milli Lider bilen galýar şöhradyň,

Gadamyň batlansyn, ýatmasyn badyň,

Eziz Watan, jiger Watan, jan Watan!

Berkararlyk bolsun mydam ýar, Watan!

Ýakup Kasymow,

«Aşgabat» teleýaýlymynyň «Syýasat» bölüminiň müdiri.