milli goshun logo
Watan hakda kelam agyz söz / Nabat Nurgeldiýewa
Watan hakda kelam agyz söz / Nabat Nurgeldiýewa
18.01.2020 5182 Bäsleşik

Watan! Mukaddes kelam. Mähir bilen muhabbet dile alynýar. Watan birdir, täkdir. Şonuň üçinem mukaddes ol. Ýeke-täk zatlaryň ählisi mukaddes – Watan, Ene, Zemin, Asman, Gün... Ynsan oglanynyň göbek ganynyň daman ýeri, ösüp-örňäp kemala gelen topragy – onuň ata Watany. Watan goragy ähli mukaddeslikleriň goragydyr. Watan! Jigerim-janym, buýsanjym, mertebäm! Men seniň sallançagyňda üwreldim, topragyňda ýörjen-ýörjen boldum:

Ilkinji  sözüm   senden   başladym,

Duzuňy syladym, ýalan ýazmadym.

Diňe  seniň gyşyň bilen  gyşladym,

Diňe  seniň  ýazyň bilen  ýazladym.

Watan! Men seniň ýazlaryňda ýaýnap, tomusyňda depämi gaýnatdym. Men seni neneň söýmäýin, neneň ezizlemäýin?! Seniň neneň eziz hem mukaddesligiňe, entek çybykdan at münüp ýörkäm synlap gözýetimden has uludygyňa, gözeldigiňe indi bu gün kämil çykyp, il derdine ýarap, ene-atamyň göz guwanjyna öwrülip, seniň her daban ýeriňi gözümiň göreji deýin goramaga kasam eden günüm, has anyk göz ýetirdim.

Watan! Bize heniz çagalykdan sen hakda köp zat gürrüň bererdiler, öwrederdiler. Hatda mekdep partasyndakam, Watan hakyndaky goşgulary ýat tutmagy öwredip heniz çaga aňymyzda Watana bolan söýginiň ilkinji uçgunlaryny döredipdiler. Ine, bu gün bolsa zenan harby gullukçysynyň harby lybasyny geýip, bu mukaddeslik hakyndaky düşünjämi aňymda aýlaýan. Harby lybasy egniňe geýen pursadyňdan başlap, hyýalyňdaky mukaddesligiň hakykat ýüzündäki keramatdygyna göz ýetirýärsiň.

Watan! Ata-babalarymyzyň yhlasyndan, ene-mamalarymyzyň ygraryndan bolgan kendim! Seniň çölleriňde «Göwnüňi, kalbyňy eliňi halal tut, päk tut! Gel, dilegleriňi hasyl edeýin!» diýip, Hydyr ata gezip ýörendir. Seniň goýnuňa der dökseň, zer örýär. Eýsem, şu mukaddesliklere, öz döwletiňe, öz baýdagyňa gulluk etmekden mukaddes zat barmyka?!

Watan! Her näçe tekrarlasakda, ahyry tükenmeýän söz – bu Watan gullugyna tamamlanma ýokdur. Çünki Watan keremdir, keramatdyr. Watan Göroglynyň penasy, Mäne babanyň dogasy, Seýdiniň senasy, erenleriň ak patasy, balalaryna dileg edip, nurly ýollara atarýan atalaryň arzuwy, eneleriň alkyşy, ogul-gyzlaryň yhlasy we umydy. Seni depäme täç edip, ömür boýy hyzmat etmekden başga bagt barmy eýsem?! Gursagymda, aňymda, kalbymda, ganymda hem janymda seniň mizemez mukaddesligiň möhürlenipdir.

Pyragynyň arzuw eden, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren berkararlygymyz hem bagtyýarlygymyz seniň bilen, Watan!

Nabat Nurgeldiýewa,

maýor.