Wepadarlyk
Asman
Toprak
Ata-ene
Nesil
Watan baradaky
duýgylarymy çuňňur seljerenimde, ilki bilen şu bäş söz oýuma gelýär, sebäbi «Watan
nämeden başlanýar?» diýlen soraga men hut şu sözler bilen jogap bererdim. Içgin
seretmegi başarýan adam Watanyň wepadarlykdan başlanýandygy bilen ylalaşar,
çünki öz dogduk mekanyňa, onuň arassa Asmanyna, bereketli topragyna, ata-eneňe,
öz nesliňe wepadarlyk ähli zadyň başlangyjydyr, sebäbi şu mukaddesliklere
wepaly bolmadyk adam hiç-bir ýerde, hiç kime hem wepa bermez we onuň ýer
ýüzünde bolany ýa-da bolmadygy des-deň bolup, şundan aýylganç ömür ýok diýip
hasaplaýaryn. Taryhyň sahypalarynda «Watanyna wepa bermedik adam hiç-kime hem
wepa bermez» diýlen durmuş hakykatyny tassyklap, ömrüni betbagt geçiren adamlar
baradaky tymsallar muny aýdyň tassyklaýar.
Sanalgy günler berlen adam ömri Watanyň
asmany bilen Watan topragynyň arasynda geçýär. Ata Watanymyzyň mukaddes
topragynyň bereketi, täsin tebigaty, özüne çekijiligi, arassa Asmanymyzyň
sahawatly güneşi, tebigata jan beriji ýagyş-ýagmyry ömrümiziň örküdir. Watanyň
topragynyň özüne çekijiligini çeper sözüň güýjüniň ýetmezligi, näçe ýiti
bolsa-da zehiniň ony açardan ejizligi sebäpli ýazyp doly manyda beýan etmek
mümkin däl, ýöne her bir adam öz duýgular dünýäsine çümüp, daşary ýurtda uzak sapardan
soň Watana dolanyp gelende uçaryň tigiri ata Watanyň topragyna galtaşan
pursadyndaky başdan geçirýän duýgusyny ýatlamagy häzir şu setirleri okaýan
wagtynda hem kalbyny gozgalaňa salýandygy şübhesizdir.
Watanyň bir
ülüşi bolan ata-ene ilkinji bolup bize Watan düşünjesini berýärler, dumuşymyzda
Watanyň wajyp ornuny, göbek ganymyzyň daman topragynyň gymmatyny aňymyza
ornaşdyrýarlar. Her bir ata-ene misli sahawatly «güýz» kimin öz miwesini –
halal zähmetiniň netijesini bermek bilen geljekki «ýazy» – öz neslini ýetişdirmek
üçin irginsiz alada edýär we öz neslini Watanyň berkararlygynyň – ynsan
durmuşynyň bagtyýar ýaşaýşynyň kepilidigine uýduryp ýetişdirmek bilen Watançylygyň
ilkinji terbiýesini berýär.
Elbetde, her
bir ynsan öz durmuş pelsepesine eýerip, Watanyň manysyny özüçe «görüp biler», bu
ýagdaýda esasy wajyplyk adamyň öz içki dünýäsiniň, öz ruhy gymmatlyklarynyň
üsti bilen bu mana çuňňur düşünmegidir hem-de WATAN düşünjesini islendik
pelsepäniň üsti bilen seredilende hem onuň ezizligini, ýagny ýeke-täkligini,
durmuşymyzyň örküligini, ýaşaýşymyzyň özeniligini, islendik adam üçin mukaddesligini
garaýyşlaryň «baş burçunda» goýmak zerurdyr.
Bu oýlanmany Mukaddes
watanymyzyň goragynda duran merdana Watan goragçylarymyzy ýetip gelýän «Watan goragçylarynyň güni»
bilen gutlamak arkaly jemlemegi ýerlikli hasaplaýaryn, çünki Watan – ýer
ýüzünde goralýan mukaddeslikleriň iň wajybydyr. Baýramyňyz gutly bolsun,
hormatly WATAN GORAGÇYLARY!
Näzik Nurgeldiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we
informatika institutynyň talyby.