Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hereket edýän ähli web saýtlaryň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň maksady
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny dünýä giňden ýaýmak, Aşgabadyň ýurdumyzyň baş syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologiki ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň ylym-bilim hem-de medeni merkezi bolup, dünýäniň öňdebaryjy we ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun alýandygyny halkara jemgyýetçiligine açyp görkezmek, baş şäherimiziň geçen taryhy ösüş ýolunyň özboluşlylygyny wagyz etmek hem-de häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň dünýä nusga alarlyk bolup durýandygyny äşgär etmek, soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri özünde jemleýän şäher hökmünde belent abraýa eýe bolandygyny uly buýsanç bilen dünýä jemgyýetine ýetirmek, şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşigini yglan edýär.
Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşiginiň maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi
Ýurdumyzda hereket edýän ähli web saýtlar bäsleşige gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin ilki bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hereket edýän ähli web saýtlaryň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşiginiň bildirişi, mahabatyny öz internet web saýtlarynda ýerleşdirmeli we ýerleşdirilendigi hakynda ssylka ýa-da skrinşot arkaly ýaşlar guramasynyň elektron poçtasyna (turkmen-youth@online.tm) ugratmaly.
Ýurdumyzda Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçilişini halk köpçüligine, dünýä jemgyýetine ýetirmek maksady bilen Aziýanyň merjen şäheri diýen derejä mynasyp bolan paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy bilen baglanşykly ýörite taýýarlanan suratlary, gutlag suratlary (otkrytkalary), wideo şekilleri, habarlary, makalalary, aýdymdyr sazlary we döredijilik eserlerini öz internet web saýtlarynda ýerleşdirmeli.
Paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy, ýurdumyzyň baş şäheriniň taryhy we ähmiýeti bilen baglanşykly ýörite taýýarlanan suratlary, gutlag suratlary (otkrytkalary), wideolary, wideo şekilleri, habarlary, makalalary, aýdymdyr sazlary we döredijilik eserlerini “Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine” ýazgy bilen öz internet web saýtlarynda ýerleşdirmeli.
Öz internet web saýtlarynda ýerleşdirilen eserleriň sanynyň köplügine, hiliniň ýokarylygyna, özüne çekijiligine, döredijilik täzeçilligine, sanynyň köplügine, habarlaryň täzeligine, beýan edilýän, ýerleşdirilýän eserleriň dilleriň köplügine, dürliligine, şeýle hem ýerleşdirilen eserleriň okalan, görülen sanynyň köplügine seredilip, bäsleşikde eminler topary tarapyndan goşmaça baha beriler.
Bäsleşik 2021-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder.
2021-nji ýylyň 20-22-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan emin-agzalary tarapyndan Bäsleşigiň ýeňijileri kesgitleniler.
2021-nji ýylyň 23-nji maýynda «www.yashlar.gov.tm» web-saýtynda ýeňijiler ýörite habar arkaly yglan ediler.
2021-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçiriler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine garaşýan baýraklar:
Baş baýrak – 42-lik «Tolkun» telewizory;
Baýrakly orunlara – dürli gymmat bahaly sowgatlar.