Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we
yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar.
«Türkmengaz»
döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz we el halylary Owganystanyň
işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň
jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 853 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 11 müň manatlykdan gowrak
«Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni,
şeýle hem el halylary satyn aldylar.