milli goshun logo
Üç günde — 18 medal
05.09.2018 876 Habarlar | Sport

Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti medallaryň ýene-de bäşisi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda üç altyn, bir kümüş we iki bürünç medallar bar. Ýaryşa gatnaşýan halklaryň milli göreşiniň görnüşlerinde üstünlikli çykyş etmek biziň türgenlerimiz üçin oňat däbe öwrüldi.

Ýygyndymyzyň türgenleri türkmen göreşinde uly üstünlige eýe boldular. Göreşiň bu görnüşinde altyn medallaryň üçüsi gazanyldy. 60 kilograma çenli agramlyk derejede Nowruz Eýeberdiýew, 70 kilograma çenli agramlyk derejede Rejepgeldi Gylyçnyýazow hem-de 80 kilograma çenli agramlyk derejede Arslan Ybraýymgulyýew hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar.

Pählawany eýran göreşinde Rahat Bäşimow (80 kilograma çenli agramlyk derejede) kümüş medala mynasyp boldy.

Muhammet Gurbanow 70 kilograma çenli agramlyk derejede gazak milli göreşinde bürünç baýragy eýeledi. Munuň özi hem ýygyndymyzyň türgeniniň netijeli çykyşy hasaplanylýar.

Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň üç gününiň netijelerini jemläp, Türkmenistanyň ýygyndysynyň jemi 18 medal, şol sanda 8 altyn, 3 kümüş, 6 bürünç medal gazanandygyny bellemelidiris.

Umumy medal hasabynda biziň ýygyndymyz 4-nji orny eýeleýär.