milli goshun logo
Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi
Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi
23.05.2019 575 Habarlar

22-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady.

Dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ugurlary, onuň ösüşi, sebit we sebitara gaz geçiriji düzümleri, gaz pudagyny köpugurly esasda ösdürmek, gazy gaýtadan işleýän senagatda täze tehnologiýalar we taslamalar ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energiýa bolan islegiň artmagy islendik energetika çaklamalaryň esasy görkezijisi bolup durýar. Şunda geljekki 30 ýylyň dowamynda tebigy gaz bilen halkara söwdasyny ýola goýýan döwletler esasan Aziýa ýurtlary bolar.

Kongrese gatnaşyjylaryň «Galkynyş» iri gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar bilen tanyşdyrylmagy aýratyn gyzyklanma döretdi.

Şunuň bilen birlikde, kongresiň mejlislerinde türkmen tebigy gazyny Russiýa we Ýewropa ugratmagyň, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatyny artdyrmak boýunça meýilnamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň ahyrynda kongrese gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede ählumumy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyp meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirilip, bularyň şu ulgamda bar bolan işewür gatnaşyklary giňeltmäge hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berjekdigi nygtaldy.