20-nji oktýabrda Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» (MASYH) maksatnamasynyň resmi adamlarynyň wirtual mejlisine gatnaşdylar. Gün tertibine 2030-njy ýyla çenli niýetlenilen bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy, köptaraply hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky meseleler girizildi.
Geçirilen onlaýn duşuşyga barşynda saglygy goraýyş ulgamy we 2030-njy ýyla çenli syýahatçylygy ösdürmek boýunça taslama çenli bolan barlaglaryň ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler bolandygyny nygtamak gerek. 2030-njy ýyla çenli Gender strategiýasynyň taslamasy hem mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna çykaryldy.