21-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen
gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň
Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp
maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzak
möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny
anyklaşdyrdylar.
Şeýle-de taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara
gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Ýokary derejeli gepleşikler tamamlanandan soň,
ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.