22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler
ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we
halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda
onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi.
Ministrler, Türkmenistan bilen Birleşen Arap
Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň işiniň
ähmiýetini nygtap, onuň nobatdaky mejlisini geçirmekligiň seneleri barada pikir
alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we ikitaraplaýyn haryt
dolanşygynyň oňyn ösüşiniň saklanmagy bilen bagly meselelere garaldy.