13-nji
aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň
Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň
başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň
ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Premýer-ministr
Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam
etdiriljekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistan bilen
Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy
bilen gutlady.
Söhbetdeşligiň
dowamynda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň
netijeli häsiýeti bellenildi. Ýurtlarymyz pudaklaryň giň toplumy boýunça özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon
kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda öňde goýlan wezipeleriň
amala aşyrylmagyna uly goşant goşýandyklary nygtaldy.