24-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «Türkmenistan –
ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda
telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň
dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki
meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar
boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik
geňeşiniň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalarynyň indi köp ýyllaryň
dowamynda türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli
işleýändikleri bellenildi.