2-nji aprelda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler taraplaryň köp ugurlary boýunça
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, ozal
gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp
maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary —
«KamAZ» awtomobil gurluşyk kärhanasy, «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýeti,
Kazanyň dikuçar zawody we beýleki köp sanly kärhanalary bilen köpýyllyk özara
bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň mysaly
bolup biler.
Söhbetdeşler şeýle hem dünýä ykdysadyýetine
ýaramaz täsir edýän koronowirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy we şunuň
bilen baglylykda, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk
serişdelerini öndürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşarky ýagdaýlara garamazdan, öz wagtynda
bilelikde görlen çäreleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki
ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.