24-nji
aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen
duşuşdy.
Prezident
Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin
tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, ähli türkmen halkyna ýollan
abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman türkmen-tatar
hyzmatdaşlygyna hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýene bir gezek
doganlyk Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz myhmana hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa
Federasiýasynyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly häsiýetini belledi.