Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
RF-niň
Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk
jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly
üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Wladimir Putin döwletara
gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan uly
goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Wladimir
Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny hormatyň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul
edýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň döwlet
Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna
saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz ses
berişligiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, Russiýanyň parlamentiniň täze
düzümine ýurduň we onuň raýatlarynyň bähbidine netijeli zähmet çekmegi arzuw
etdi hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň arasyndaky özara
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Telefon
arkaly söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Russiýa
Federasiýasy bilen özara ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan
dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň we
Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly hem-de ynanyşykly
gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Wladimir
Putine minnetdarlygyny beýan etdi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň
halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Russiýa
Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň
arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem BMG-niň, GDA-nyň,
ŞHG-niň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli
ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk
edýändigini, şu ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa
sammitiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, bu çärelere RF-niň
Prezidentiniň gatnaşmagynyň ýokary derejeli forumlara aýratyn ähmiýet
berjekdigini nygtady.
Prezident
Wladimir Putin Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de Hazar ekologiýa sammitine
gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Döwlet
Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini belläp, Türkmenistanyň Russiýa bilen
gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Parlamentara gatnaşyklar we
Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bilen özara hyzmatdaşlyk işjeň durmuşa
geçirilýär. Munuň özi türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Şeýle hem bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ulgamlary öz içine alýan
ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ulgamlarda özara hyzmatdaşlygy
giňeltmegiň iki ýurduň halklarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary pugtalandyrmak
üçin binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň
Russiýa Federasiýasy bilen uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi.
Telefon
arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk,
abadançylyk, jogapkärli döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň we
Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.