25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary strategik häsiýete eýe bolan hem-de häzirki döwürde sebitdäki we dünýädäki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, özara hormat goýmak nukdaýnazaryndan ýola goýulýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.