8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki goňşy ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde netijelilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiliginiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Telefon gepleşigi özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.