01.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.06.2020 119 Habarlar

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni hem-de musulman dünýäsinde aýratyn ähmiýetli sene hasap edilýän pygamber ýaşyna ýetmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de uzak ýyllar berk jan saglyk we ýurduň gülläp ösmegi hem-de halkyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Owganystanda türkmen Lideriniň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň saklanylmagynyň möhüm şerti bolan döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýär.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijelilik, özara ynam we goldaw ýörelgelerine esaslanyp, yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.