6-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Onuň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.