15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek boýunça özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.
Söhbetdeşler şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere möhüm ornuň degişlidigini bellediler.