Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öň ýanynda jemgyýetçilik köpçüligi bilen tanyşdyrylan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze edebi işi daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze işiniň daşary ýurtda ilkinji akademiki terjimesi ýerine ýetirildi. Döwlet Baştutanynyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň hytaý dilinde neşir edilmegi Hytaýyň dostlukly halkyna türkmen halkynyň medeniýeti we dünýägaraýşy bilen tanyşmaga, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyksöýüjilik, dostluk, döredijilik, ahlak we mertebe ýaly müdimi umumadamzat gymmatlyklary beýanyny tapan türkmenleriň milli ýörelgelerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.