milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda
03.09.2020 1306 Habarlar

«Migrasiýa hakynda» hem-de «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipelerini Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklemeli.

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi kanunçylyga laýyklykda:

1) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň ýedi iş gününiň dowamynda resmileşdirilmegini we dabaraly ýagdaýda berilmegini;

2) Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyny hem-de ýazgydan çykarylmagyny;

3) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň blanklarynyň we pasport ulgamyna degişli beýleki resmi kagyzlaryň taýýarlanylmagyny üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak meselelerine garalan wagty kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmeli.

4. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edaralar, kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda, raýatlardan dürli delil hatlarynyň talap edilmegini aradan aýyrmaly.

5. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

6. «Türkmenistanda pasport ulgamyny kämilleşdirmek baradaky çäreler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 4-nji maýynda çykaran 3103-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 245-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.