Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan
itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň
aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň
gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde,
köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde
we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz
etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal
we yhlasly zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy
mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna
Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny
dakmaly:
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk
ministrliginiň işgäri Begenç Akmyradowiç Bakeýewe,
Halkara «Türkmen alabaý itleri»
assosiasiýasynyň Toplumynyň başlygy, hususy itşynas Orazmyrat Döwranowiç Orazmyradowa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar
Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 26-njy oktýabry.