21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatldaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.