28-nji sentýabrda Watanymyzyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Oguz han» köşkler toplumynda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet
sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini
bermek dabarasy boldy.
Goranmak ministri, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Permanlaryny okady.
Soňra döwlet Baştutanymyz milli
howpsuzlyk ministri, polkownik G.Annaýewi Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni
bilen sylaglady.
Soňra döwlet Baştutanymyz içeri
işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi M.Hydyrowa polisiýanyň polkownigi
ýörite adyny dakdy.
Hormatly Prezidentimiz Baş
prokuror, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi
hünär derejesini berdi.
Harby
gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa ýokary ynamy üçin hoşallyk bildirip,
ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmeginiň, Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanyň çäkleriniň ygtybarly goralmagynyň we kanunylygyň, hukuk
tertibiniň pugta berjaý edilmeginiň bähbidine ähli tagallalaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.