13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze ýokanç keselleri hassahanasy Bitaraplygyň şanly senesine gabatlanyp ulanmaga berilýän durmuş maksatly möhüm desgalaryň üstüni ýetirdi.
Bu desganyň gurluşygyna mundan laýyk iki ýyl ozal – 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berlipdi. Döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.
Dabara gatnaşyjylaryň joşgunly elçarpyşmalary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesdi hem-de binanyň içine girip, bu ýerdäki näsaglar we lukmanlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşdy. Tanyşlykdan soň, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirilýän maslahatlar zalynda Mejlis geçirip, saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi.