Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan hem-de hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhita, Premýer-ministri
Fumio Kisida we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda
diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden
gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biziň
döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga,
deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki tagallalarymyz
netijesinde özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn»
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.