Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti
Rejep Taýyp Ärdogana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Türkiýe
Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30
ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Milli
Liderimiz gutlag hatynda geçen döwrüň içinde doganlyk türkmen-türk
gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejelere çykandygyny,
özara netijeli hyzmatdaşlygyň baý we oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp,
ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda, milli hem-de taryhy
umumylyga, medeni we ruhy ýakynlyga, özara hormat goýmaga hem-de birek-birege
ýakyndan goldaw bermek tejribesine eýerýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklara
üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň ähli
ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ugurlarda ýurtlaryň we halklaryň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Milli
Liderimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we
abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk
arzuw etdi.