Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň
Gaziantep we Mardin welaýatlarynda bolup geçen ýol-ulag heläkçilikleriniň köp
sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny
iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda
gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň
halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny,
medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky
dileglerini beýan etdi.