Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bartyn welaýatyndaky kömür şahtasynda
bolup geçen partlamanyň, köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine
getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de
ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir
çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.