Şu
gün baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli
dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Toyo Engineering Corporation» ýapon
kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri
Eiji Hosoini kabul etdi.
Eiji
Hosoi wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk
dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şeýle hem myhman
Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmekde
hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belläp,
ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda iş alyp barmagyna döredilýän mümkinçilikler
üçin hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Eiji Hosoiniň ýurdumyza amala aşyrýan
saparynyň Türkmenistan bilen onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň arasyndaky
gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistan Ýaponiýa bilen hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw
bermäge esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Häzirki wagtda
türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer
ugurlary öz içine alýar.
Döwlet
Baştutanymyz köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz
pudagynda we himiýa senagatynda taslamalary durmuşa geçirendiklerini we şunuň
bilen baglylykda, «Toyo Engineering Corporation» bilen ýola goýlan netijeli
hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.
Işewür
türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir
gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň
ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, «Toyo
Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw
etdi.