Hormatly Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary we
deputatlar!
Gadyrly watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, şu belent münberden size
we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk
saýlawlarynda maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirýärin. Bu saýlawlaryň netijesinde men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine
saýlandym.
Mähriban halkymyň meni Türkmenistanyň
Prezidenti wezipesine saýlap, bildiren uly ynamy watandaşlarymyzyň asuda we
abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen
döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge
borçly edýär.
Meniň Türkmenistanyň Prezidenti
wezipesine girişmegim mynasybetli geçirilýän dabaraly çärä gatnaşmaga çakylygy
kabul edendikleri üçin hormatly ýaşulularymyza, mähriban enelerimize,
ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryna,
Mejlisiň deputatlaryna, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
agzalaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekillerine tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirýärin.
Pursatdan peýdalanyp, meniň bilen
birlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşan
watandaşlaryma hem minnetdarlyk bildirýärin. Olar ählihalk saýlawlaryna türkmen
halkynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde iň mynasyp
adamlary hödürländigini subut etdiler.
Şeýle hem men bu örän möhüm
jemgyýetçilik-syýasy çäräni halkara talaplara laýyklykda, aç-açanlyk hem-de
aýdyňlyk ýagdaýynda, ýokary derejede gurandyklary üçin Türkmenistanda
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalaryna,
milli we halkara synçylara, saýlawlary üstünlikli geçirmäge gatnaşan ähli
watandaşlaryma tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Men şu gün Türkmenistanyň
Prezidentiniň wezipesine girişmek bilen, halkyma wepaly hyzmat etjekdigim
barada kasam etdim. Häzir bolsa bu wezipede nähili işlejekdigim, ilkinji
nobatda zerur bolan haýsy meselelere seretjekdigim barada aýtmak isleýärin.
Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan
öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz
öňümizde has belent maksatlary goýduk.
Biziň esasy maksadymyz mähriban
Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin
dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir. Şu
belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30
ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýan edildi. Bu
maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip
atlandyrylýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny
ýokarlandyrmakda uly işleri bitirdi. Oňyn syýasy, ykdysady we medeni
özgertmeleri üstünlikli amala aşyrdy. Hereket etmegiň oýlanyşykly, ylmy taýdan
esaslandyrylan maksatnamasyny durmuşa geçirdi. Milletiň Lideriniň döwleti
dolandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde maksada okgunlylygy hem-de syýasy
öňdengörüjiligi, halkyna ynamy we söýgüsi türkmen döwletini ynamly ösüş ýoluna
çykarmaga mümkinçilik berdi.
Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de
depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly
wezipeler meniň geljekde alyp barjak işimiň esasynda durýar.
Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga,
özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder.
Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler,
anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek,
hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek
geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary
bolar.
Halkara gatnaşyklarda Türkmenistan
ozalky syýasy garaýyşlarynda galýar. Biziň döwletimiz Birleşen Milletler
Guramasynyň Tertipnamasyna, hereket edýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
halkara ylalaşyklara, şertnamalara hem-de konwensiýalara laýyklykda, öz halkara
borçnamalaryny doly ýerine ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Halkara
pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň
ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki halkara maliýe-ykdysady guramalar bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkider.
Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary
üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim
ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris.
Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde
Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň
mertebesi halkymyzyň mertebesidir!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Döwletimiziň Konstitusiýasynda
raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň
kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny
we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem
üpjün ederis. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklary
has-da kämilleşdiriler.
Biziň goranyş häsiýetli doktrinany
berjaý edýän milli Ýaragly Güýçlerimize döwletimiziň Garaşsyzlygyny we
Bitaraplygyny goramakda, durnuklylygyny üpjün etmekde uly orun degişlidir.
Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün
etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň,
beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem
häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys.
Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys.
Geljekde biz Türkmenistanyň nebitgaz
pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň
goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris.
Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky
gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa
zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar.
Men saýlawçylar bilen geçiren
duşuşyklarymda paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, welaýatlarda
täze, häzirki zaman obalarynydyr şäherçelerini gurmak barada jikme-jik aýtdym.
Nesip bolsa, bu işleri geljekde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem dowam
etdireris.
Garaşsyz döwletimiziň elektrik
energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa
serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin
elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy
kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we
ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, daşary ýurtlardan
ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin
maýa goýumlaryň möçberi-de artdyrylar.
Ekologik abadançylygy üpjün etmek,
geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de
olaryň biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli we
durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana
öwürmek boýunça giň gerimli işler geçiriler.
Önümçilige häzirki zaman suw
tygşytlaýjy tehnologiýalary hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal
ulanylýan usullary kämilleşdiriler. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, mallaryň
hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, tohumçylyk işini ylmy taýdan
esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmäge aýratyn üns berler.
Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny we
dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini
gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça
hem möhüm işleri dowam etdireris.
Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün
etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk
gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk
önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden
öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys.
Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy
sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu
geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys.
Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi
jemläris.
Türkmen milli halyçylyk sungaty
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ajaýyp
sungat ösüp gelýän nesillerimizi terbiýelemekde, gadymy senedimizi ösdürmekde
mynasyp orny eýeleýär. Şoňa görä-de, halylarymyzy täze göllerdir nagyşlar bilen
baýlaşdyrmak, ýerli we daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini doly
kanagatlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler.
Hususy pudak üçin hem döwletimiz ähli
şertleri döredýär. Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz
pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda
milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik
kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady
kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder.
Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy
goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge
gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi
bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga
ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli
tagallalar ediler.
Bilim bermekde sanly tehnologiýalar
giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala
aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň
hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň
we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny
goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman
senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar.
Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar,
bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman
serişdeleri bilen üpjün ediler.
Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin
sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem,
ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek,
çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz
etmek boýunça işler dowam etdiriler.
Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy
kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen
medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet
ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli
öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Şeýle
hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we
medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys. Şonuň ýaly-da,
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu
desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem işleri geçireris.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Men ilaty durmuş we hukuk taýdan
goramagy güýçlendirmek döwlet Baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr
diýip hasaplaýaryn. Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp
haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata
beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden
düşürmez.
Biz köp çagaly maşgalalara döwlet
goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys. Her bir maşgalany häzirki zaman öýi
ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar.
Hormatly watandaşlar!
Men ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklarynda geljekde etmeli işlerimiz barada umumylaşdyryp gürrüň berdim.
Kabul eden maksatnamamyzda öňde goýan wezipelerimizi öz wagtynda hem-de ýokary
hilli ýerine ýetirmek üçin biz ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we
jebislikde, el-ele berip işlemelidiris.
Öz öňümde goýan maksatlarymy
üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine
we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn.
Watan diňe halky bilen Watandyr!
Döwlet diňe halky bilen döwletdir!
Eziz watandaşlar!
Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere
ýeteris!
Türkmenistanyň Prezidentiniň
saýlawlaryna işjeň gatnaşan, şol sanda meniň üçin ses beren ähli saýlawçylara
ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Men özüme bildirilen örän uly ynama
ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň
öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna
hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzyň gülläp
ösmeginiň we mähriban halkymyzyň parahat, abadan hem-de bagtyýar durmuşda
ýaşamagynyň bähbidine gujur-gaýratymy, bilim-tejribämi we başarnygymy
gaýgyrmajakdygyma sizi ýene-de bir gezek ynandyrýaryn.
Biz Türkmenistan atly beýik döwletde,
parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys,
abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys.
Bu ýurt biziň Watanymyzdyr!
Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr!
Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň
mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!
Ýaşasyn türkmen halky!
Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan!