Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan
baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda
halkymyzyň dünýä peşgeş beren behişdi bedewlerine goýulýan hormat-sarpanyň
aýdyň güwäsi boldy.
Gahryman
Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli
atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum
arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Behişdi
bedewlerimiz ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy bilen tapawutlanýan, bahasyna
ýetip bolmajak milli gymmatlykdyr. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ahalteke
bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgesini döredipdirler. Häzirki
wagtda bu däpler ussat atşynaslarymyz, seýislerimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.
Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we
şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly
kitaplarynyň gymmatly gollanma öwrülendigini bellemek gerek.
Milli
we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewler häzirki döwürde
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň nyşanydyr.
Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlaryny
wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da
ilerletmek üçin täze tapgyry açdy.
Mälim
bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, halkymyzyň
göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň
genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da
belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara gözellik we atly sport
bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, guramaçylyk döwlet topary
döredildi. Bu topara Gahryman Arkadagymyzyň hut özi ýolbaşçylyk edýär. Şunuň
bilen baglylykda, şu şanly ýylda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň
arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä
çempionatyna hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy behişdi bedewlerimiziň dünýädäki
şan-şöhratyny belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mundan başga-da,
Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygynyň Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly sport çärelerine
gatnaşmagy şanly ýylyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar
toparynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki täsirli çykyşy dostlugyň
we sungatyň baýramçylygyna öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda, Özbegistan
Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşda we
«Gündogaryň merjeni» gözellik bäsleşiginde behişdi bedewlerimiziň we olaryň
çapyksuwarlarynyň üstünlikli çykyş edendiklerini hem-de «Aziýanyň çempiony» we
«Dünýä çempiony» diýen hormatly atlara, şeýle hem beýleki baýraklara mynasyp
bolandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Kazanda geçirilen halkara ýaryşda hem
türkmen çapyksuwarlary baýrakly orunlary, kuboklary eýelemegi başardylar,
ahalteke atlarynyň hormatyna döredilen ýörite baýraklara mynasyp bolup, öz
gaýtalanmajak ussatlygyny görkezdiler.
Ýaňy-ýakynda
geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň
ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, baş sanyny artdyrmaga
hem-de halkara giňişlikde olaryň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmaga
gönükdirilen «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi döwletimiziň bu ugurdaky kanunçylyk
binýadynyň üstüni ýetirdi.
...Ir
bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Aşgabat atçylyk sport toplumynda
baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň
Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň
ýolbaşçylary we wekilleri bar.
Dabara
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Toplumyň
girelgesinden esasy münber binasyna çenli uzap gidýän ýoluň ugrunda Arkadag we
Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr.
Sergide görkezilýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly
önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda behişdi bedewleriň gözelligi çeper
beýan edilýär. Bu eserler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirip, ýurdumyzyň döredijilik
kuwwatyny açyp görkezýär.
Sergide
dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen ahalteke
atlarynyň gözelligini beýan edýän zergärçilik önümlerine möhüm orun berlipdir.
At esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen
tapawutlanýar. Bu nepis işler özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen bu ýere
ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Ahalteke atlarynyň keşbi döredijilik
eserlerinde täsirli şöhlelendirilipdir.
Bulardan
başga-da, sergide halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, maddy-medeni
mirasyny beýan edýän gymmatlyklar toplumy görkezilýär. Şolaryň hatarynda nepis
halylar hem bar. Gözelligi, nepisligi, köpöwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp
sazlaşygy bilen tapawutlanýan halylarymyzda halkymyzyň asylly ýörelgeleri,
milli aýratynlyklary, ruhy dünýäsi jemlenendir.
Soňra
döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly
çykyşlara tomaşa etdi.
Hormatly
Prezidentimiz esasy münber binasyna barýar.
Soňra
baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berilýändigi yglan edildi.
Bu
gün dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi.
Türkmenistanyň
maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda üçýaşar atlaryň
arasynda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap häkimligine degişli Näzli atly dor bedew pellehana ilkinji
bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 51,8 sekunt sarp etdi.
Onuň çapyksuwary P.Orazow, seýsi bolsa W.Gaýipow. Ýeňijä 100 müň manat
möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Ýurdumyzyň
nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 600
metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimligine degişli
Aýýyldyz atly akýal mele bedew ilkinji bolup pellehana geldi. Ol bu aralyk üçin
1 minut 51,4 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary Ş.Saryýew, seýsi bolsa
H.Gubaýew. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Şu
günki baýramçylygyň şanyna geçirilen üçünji çapyşykda üçýaşar atlar
Türkmenistanyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1 müň 800 metr aralyga
güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Bäherden»
atçylyk hojalygyna degişli Bendesen atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi
başardy. Onuň çapyksuwary Y.Allanazarow, seýsi bolsa Türkmenistanyň at gazanan
atşynasy D.Myratgulyýew. Bendesen bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 5,2
sekunt sarp etdi. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dördünji çapyşykda
dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň baýragyny
almak ugrunda 1 müň 800 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli geçen
çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli
Gönibek atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 2
minut 4,6 sekunda deň boldy. Ony bu ýaryşa taýýarlan seýis Türkmenistanyň ussat
halypa çapyksuwary O.Annalyýew, çapyksuwary bolsa S.Çaryýew. Ýeňijä 100 müň
manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Bäşinji
çapyşykda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň
baýragyny almak ugrunda 1 müň 800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda
Aşgabat şäher häkimligine degişli Maksatly atly al at pellehanadan ilkinji
bolup geçmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 2 minut 3,5 sekunt sarp etdi.
Onuň seýsi üçünji derejeli seýis R.Seýidow, çapyksuwary hem ussat çapyksuwar
R.Seýidow. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Baýramçylyk
at çapyşygynyň altynjy çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar oba hojalyk
toplumynyň baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu
çapyşykda «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli Gudratlydag atly mele at
ýeňiji bolmagy başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 31,5
sekunt sarp etdi. Onuň seýsi ussat seýis G.Agamyradow, çapyksuwary bolsa ussat
çapyksuwar T.Babaýew. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Ýurdumyzda
giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen
at çapyşygynyň jemleýji, ýedinji çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga
ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke
atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji
bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 33,8 sekunt
sarp etdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradow,
çapyksuwary bolsa ussat çapyksuwar B.Agamyradow. Ýeňijä 300 müň manat
möçberindäki pul baýragy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy
gowşuryldy.
Şu
günki baýramçylyk at çapyşygynda ýeňiji bolan çapyksuwarlar hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda milli atçylyk däplerini ösdürmek
ugrunda edýän tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi
bedewleriň Ýer ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlaslaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Aşgabat
atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden
ugrady.
Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilen şu günki dabaralar Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.