milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
18.08.2020 734 Habarlar

17-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek meselesiniň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigini nygtady. Bu maksat bilen, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, bu pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri bilen üpjün edilmelidigini belläp, sowadyjy ammarlaryň gurluşygyna ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, ilatyň saglygyny goramak meselesini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirmek gerek diýip, milli Liderimiz degişli wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, täze okuw ýylyna talabalaýyk taýýarlanmagyň, şunda emele gelen ýagdaýlaryň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady.