11-nji noýabrda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we
ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly
ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli
möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.