31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk
toplumyndaky işleriň ýagdaýy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow
hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň barşy, ählihalk bag ekmek
dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň
häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk, öz
wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli
amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň
işleri talabalaýyk, başarnykly ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly seljerme işleriniň
geçirilmelidigini tabşyrdy we welaýatlaryň häkimleriniň daýhan birleşiklerinde
geçirilen seljerme işleri boýunça hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy.