24-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň
welaýatlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarlary,
Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri
gatnaşdylar.
Iş
maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli
özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere we
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy.